2024-nji
ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap
binasynda üç günläp geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy
─ 2024» atly halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika
pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty öz işini üstünlikli jemledi.
Bu sergi we
maslahat türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň
özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda,
iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe
boldy. Bu özboluşly gözden geçirilişiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň
gurluşyk, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak
babatda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.
Pawilýonlarynda
dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleri görkezilen bu giň
möçberli çäräniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara ýörite sertifikatlar
gowşuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimize oňa gatnaşyjylaryň adyndan
Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.