21.10.2026
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň
Şansi welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy
geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de
Türkmenistan – Hytaý söwda-ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar
işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, özara tejribe
alyşmagyň we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemegiň ähmiýetini nygtadylar.
Şeýle hem meýilleşdirilýän forumyň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda netijeli
dialogy ýola goýmaga, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we bilelikdäki
taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berjekdigi bellenildi.
Duşuşyk
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda,
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda hem-de işewür
hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.