Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

22.10.2026
9

      2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garamak bilen, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmegiň we ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmagyň ähmiýetini bellediler.

         Duşuşyk özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, işewür gatnaşyklary ösdürmekde hem-de Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri döretmekde möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň