2024-nji ýylyň
20-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binalar toplumynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara
forumynyň çäklerinde geçirilýän Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli
sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Serginiň
çäklerinde iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de
telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, «Söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek: amatly şertleri döretmek we telekeçiligi goldamak» şeýle hem
«Medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk: medeniýet we ynsanperwerlik
ugrunda tejribe alyşmak, ylym we bilim ugrunda hyzmatdaşlyk, syýahatçylyk
pudagyny ösdürmekdäki mümkinçilikler» atly «tegelek stol» görnüşli maslahatlaryň geçirilmegi
meýilleşdirilýär.
Iki günläp
dowam etjek doganlyk döwletiň gazanan üstünlikleriniň sergisiniň ilkinji
gününde Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama
teatrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki
konsertiniň guralmagy dost-doganlyga gönükdirilen gatnaşyklaryň has-da
pugtalanmagyna özboluşly täsir eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.