PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-koreý işewürler maslahaty geçirildi

12.06.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-koreý işewürler maslahaty geçirildi. Onuň işine belent mertebeli wekilleriň – türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagy işewürler maslahatynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şu gezekki işewürler maslahatyna Koreýa Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe-bank düzümleriniň we kompaniýalarynyň 30-syndan 100-den gowrak wekil, şeýle hem Türkmenistandan 110-dan gowrak wekil gatnaşdy.  Forumyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan Türkmenistanda öndürilýän önümleriň hem-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşdylar.

Işewürler maslahatynyň barşynda ýygnananlara türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky mümkinçiliklerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Çykyş eden Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri häzirki döwrüň talaplaryny we özara mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin şu günki duşuşygyň ähmiýetini bellediler. Şunda koreý işewür toparlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebit we gazhimiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk we logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hataryndadyr. Şeýle hem özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem türkmen we koreý edara-kärhanalarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini özara işewür duşuşyklarynyň barşynda giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň