2024-nji ýylyň
17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Edaranyň
başlygy M.Gurdow bilen Bilelikdäki Eyran-Türkmen Söwda-senagat edarasynyň
başlygy Remezan Bahraminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak
maksady bilen, bilelikde alnyp barylýan işleriň gerimi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle hem öňden gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, 2025-nji ýylyň dowamynda Eýran Yslam
Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisini
geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar birek-birege alyp barýan
işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler we özara bähbitli söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda zerur işleriň alnyp baryljakdygyna ynam
bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.