2024-nji ýylyň
5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda
Türkmen-awstriýa tegelek stoly geçirildi. 2024-nji ýylyň 4-8-nji noýabry
aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi
Tomas Şuler-Götzburgyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň
çäklerinde geçirilen bu tegelek stola Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
başlygy, edaranyň agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak
edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Şeýle hem bu Türkmen-awstriýa tegelek
stoluna türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän
Awstriýanyň täze kompaniýalary hem gatnaşdy.
Türkmen-awstriýa
tegelek stolunda gatnaşyklaryň giňeldilmegi, özara peýdaly taslamalar üçin täze
başlangyçlaryň öňe sürülmegi, hususy ulgamyň wekilleriniň bilelikdäki
tagallalarynyň iki tarap üçin hem täze gözýetimleri açmagy ugrunda
hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak babatynda birek-biregi goldamagyň
mümkinçilikleri bellenilip geçildi.
Türkmen-awstriýa
tegelek stolunyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň uzak we netijeli bolmagy üçin Türkmenistanyň
ministrlikleri we pudak edaralary, hususy ulgamyň wekilleri bilen Awstriýanyň
kompaniýalarynyň arasynda degişlilikde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.