Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy: Ykdysady ösüşleriň täze gözýetimi

13.06.2026
9

      2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda  Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen möhüm ykdysady ädim ädildi.  Bu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-awstriýa  bilelikdäki  toparynyň 13-nji mejlisi ýokary derejede geçirildi.

     Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň hem-de işewürler  wekiliýeti gatnaşdy.

         Mejlisiň  dowamynda taraplar ikiçäk söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

     Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we emeli aň ulgamynda tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek,  ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar.

     Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek baradaky tekliplere seredildi.

     Bilim ulgamy boýunça iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak bellenildi.

   Mejlisde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň aprel aýynda Awstriýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Şol saparyň çäklerinde gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklar şu günki 13-nji mejlisiň netijeli geçmegine  uly itergi berdi.

    Mejlisiň çäginde türkmen tarapy hanym Elizabet Weissenbökü Bilelikdäki toparyň Awstriýa böleginiň başlygy  wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.        Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryny barha dabaralandyrjak we özara ykdysady bähbitleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen  resminamalara gol çekdiler.

 

 

 

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň