2024-nji ýylyň
14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk,
telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň
«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine
başlady. Halkara
çäresiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagynyň
okalmagy bu çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Bu giň möçberli
halkara çäresine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky
edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we
telekeçileriň 40-dan gowragy hem-de Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe
Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy,
Gazagystan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň
Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletlerden 70-e
golaý kompaniýalar gatnaşýar.
Türkmenistanyň aragatnaşyk we
teleradioýaýradyş ulgamlaryny ösdürmek boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek barada
kompaniýalar tarapyndan taslamalaryň
hödürlenmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.
Halkara çäresiniň
dowamynda geçirilýän ylmy maslahatda sanly transformasiýa, sanly tehnologiýalar
we kiberhowpsuzlyk çözgütleri barada özara pikir alyşylar we tejribeler
paýlaşylar.
Telearagatnaşyk,
telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň
«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty 16-njy noýabra
çenli dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.