2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
döwrebap binasynda Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti
bilen Edaranyň wekilleri duşuşdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen,
geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we beýleki ugurlar
boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyna we bu babatda geljekde
iki ýurduň hökümetara we işewür toparlarynyň arasynda maslahatlaryň,
duşuşyklaryň geçirilmeginiň oňyn täsiriniň boljakdygyna üns çekildi.
Şeýle hem ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň çäginde «akylly şäher», ýaşyl energetika, telekommunikasiýa,
ulag-logistika, senagat, gurluşyk we oba hojalygy pudaklary boýunça özara tejribeleri
alyşmakda hem-de hyzmatdaşlyk etmekde gyzyklanmalaryň bardygy beýan edildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.