Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TSSE-nyň başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy Sefa Gomdeniziň arasynda duşuşyk geçirildi.

25.07.2023
264

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Türkiýe Respublikasynyň Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy Sefa Gomdeniziň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk tarapy, Türkmenistanyň işewür toparlaryny Türkiýede geçirilýän sergilere gatnaşmaga çagyrdy.


Bulary hem okaň