2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda
hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Malaýziýa
resmi iş sapary boldy. Bu resmi iş sapary ikitaraplaýyn türkmen-malaý
hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr bolup, söwda-ykdysady
ulgamdaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda iki
döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrjak syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürjek
özara bähbitli birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň
arasynda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky
özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak
bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.
Mundan başga-da taraplar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen
Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnamany hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli
söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň Malaýziýa resmi
sapary iki ýurduň hem deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň
görkezdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.