2024-nji ýylyň 26-njy
sentýabrynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Russiýa
Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary ─ Hökümetiniň
başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda Astrahan oblastynyň işewürleriniň
Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly
gyzyklanmalarynyň bardygy bellenildi. Şeýle hem özara harytlary hem-de
maglumatlary alyş-çalyş etmegiň söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygy barada giňişleýin
durlup geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar birek-birege
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de türkmen
işewürleriniň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň işewür düzümleri bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly mümkinçilikleriniň bardygyna
ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.