Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde» açylyp görkeziler


Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga, ilkinji nobatda bolsa, halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Garaşsyz ösüşiň 32 ýylynda ýetilen belent sepgitleri bütin dünýä äşgär etmek maksady bilen, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň» ýokary derejede guralmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar.  

 Gözel Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä ýaýbaňlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, 2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu sergi boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda pawilýonlary serginiň çyzgysyna laýyklykda ýerleşdirmek, şeýle hem serginiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler  alnyp barylýar. Serginiň guramaçylyk işine ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary hem-de hususyýetçiler işjeň gatnaşýarlar.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde» önümçilige innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen milli önümleri öndürmek, energetika, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, nebit-gaz, himiýa, häzirki zaman gurluşyk-binagärligi, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, ylym-bilim, söwda we hyzmat ulgamy, medeniýet, suw serişdelerini we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny aýawly saklamak we has-da gözelleşdirmek boýunça wajyp ugurlarda amala aşyrylýan işler we gazanylýan üstünlikler barada söz açýan owadan diwarlyklar ýaýbaňlandyrylyp, olar dünýä jemgyýetçiligine giňden açylyp görkeziler. 

Sergi zalynda tehnologiýanyň iň soňky gazananlary esasynda innowasiýa çözgütlerine daýanylyp, tanyşdyrylyş dabarasy üçin ýörite meýdançanyň gurnalmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň ýeten sepgitleri, medeni we intellektual kuwwaty, durmuş-ykdysady taýdan örän uly mümkinçilikleri bilen serginiň myhmanlaryny tanyşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.  

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýeten belent sepgitleriniň dünýä jemgyýetçiligine ýaýradylmagy üçin bu sergä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän toýly günlerinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň» ýokary derejede geçirilmegi üçin  ähli zerur işler alnyp barylýar.  

Bu giň möçberli sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip, yglan edilen ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň, ähli ugurlarda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeleriň we gazanylýan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň we geljekki maksatlaryň aýdyň beýanyna öwrüler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy