Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Mejlisde söwda, senagat we telekeçilik ugurlardaky köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem onuň çäklerinde türki döwletleriň hususy pudagyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy.
Mejlisiň barşynda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekili Kemal Weliýew çykyş etdi. Bu barada özbek web saýtlarynda habar berildi.
Mejlisiň çäginde B2B formatda Türki döwletleriň işewür adamlarynyň ýygnaklary hem geçirildi.
2023-nji ýylda döredilen Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň geňeşine 5 ýurt — Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe we Özbegistan agza bolup durýar. Türkmenistan hem-de Wengriýa oňa synçy döwlet hökmünde gatnaşýar.