2024-nji ýylyň 17-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Mongoliýanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dorj Baýarhuunyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda türkmen we mongol işewürleriniň iki ýurduň
arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmalarynyň bardygy
bellenilip, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler
hem-de Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda zerur işleriň alnyp baryljakdygyna ynam
bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.