2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport
harytlarynyň sergisi geçiriler.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de
maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt
maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu sergi uly ähmiýete
eýe bolar.
Serginiň geçýän
günlerinde Türkiýe Respublikasyna wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň
senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezerler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.