PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler

21.11.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

Bu giň möçberli çäräniň gurnaýjysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çykyş edýär.

Bu halkara gözden geçirilişde Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşdyrylar.  Mundan başga-da sergide awtoulag öndürijileri, logistika merkezleri, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary üçin enjamlar bilen üpjün edijileriň ekspozisiýalary ýörite gurnalan pawilýonlarda görkeziler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 

 


Bulary hem okaň