Bu
barada 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly
ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Däp
bolan bu giň möçberli sergini 2024-nji ýylyň 19-21-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzdaky «Garagum»
myhmanhanasynyň ýanynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Sergide
hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan
özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar.
Onuň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş
maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik
dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk
senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde
tutulýar.
Sergide
Garaşsyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan üstünlikler
dürli mazmunly ekspozisiýalaryň üsti bilen beýan ediler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.