Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

2025-nji ýylyň şygary we nyşany tassyklandy

29.12.2024
Card image cap

        2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi hem-de geljek ýylyň nyşanyny kabul etdi.

        Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlaryndan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan ─  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda we Gahryman Arkadagyň gymmatly maslahatlaryna eýerildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl ─ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginden ugur alyndy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň