26-29 Noýabr 2025
26.11.2025
Sergi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
Istambul, Türkiýe Respublikasy
Türkmenistan döwletimiziň işewürleriniň, maýadarlarynyň dykgatyna!
Siziň üçin «Halal Expodan» ýene bir işewür täzelik.
2025-nji ýylyň 26-29-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Halal Expo 2025» atly halkara sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Serginiň maksady: Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleri, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygy, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmak.
Bu sergi halal önümleriň we önüm öndürijileriň mahabatlandyryş platformasy bolup çykyş edýär. Bu platformada Siziň uly ornuňyz bar.
«Halala hasap bar» diýlişi ýaly, halala «Halal Expo 2025» garaşýar.
Sergide ýurdumyzyň milli pawilýonynyň guramaçylyk işlerine jogapkär edaralar:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi.
Habarlaşmak üçin:
Sergiler we ýarmarkalar bölüminiň baş hünärmeni Göwher Rejepowa
+99312398838
+99365504399
sergi5@cci.gov.tm