2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministriniň w.ýe.ýe. Anwaar-ul Hak Kakar bilen duşuşdy.
Pakistan tarapy Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty bilen tanyşdyryldy we bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygy üçin Pakistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.
Anwaar-ul Hak Kakar, öz gezeginde, iki ýurduň arasynda söwda, energetika we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini belledi.
Şol günüň özünde Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň geçiş Hökümetiniň maliýe, girdejiler, ykdysadyýet we hususylaşdyryş federal ministriniň w.ýe.ýe. Şamşad Ahtar bilen duşuşyk geçirdi.