Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherine iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyzyň Duşenbe şäherine şu gezekki iş sapary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda tagallalary birleşdirmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge meýillidigini tassyklaýar.