PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

22.07.2023
Card image cap

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.

Koreý parlamentiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Prezident Ýun Sok Ýoluň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy özüne ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň berlendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna berilýän özara goldaw munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem soňky ýyllarda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Şunda ýokary parlament derejesinde amala aşyrylýan özara saparlara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ýurdumyza şu gezekki sapary parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolundaky möhüm ädimler bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, bu ugurdaky duşuşyklar we geňeşmeler, tejribe alyşmalar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy, gazhimiýa pudagynda birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek üçin hem mümkinçilikler bar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar täze şäheriň gözel künjekleri hem-de medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher — Arkadag şäheri 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu ägirt uly taslamasy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda durmuşa geçirildi. Bu konsepsiýa ähli ulgamlara öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu ýerde ekologik meselä hem aýratyn üns berilýär. Jemgyýetçilik ulagy toplumynyň elektrobuslar we elektrotaksiler bilen üpjün edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Myhmanlar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän we kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherini synlap, onuň binagärlik keşbiniň, şäher ilatynyň ýaşamagy üçin döredilen oňaýly şertleriň özlerinde uly täsir galdyrandygyny bellediler. Täze şähere halkara guramalaryň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarynyňdyr diplomlarynyň berilmegi onuň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir.

Täze şäheriň türkmen topragynyň iň gözel künjekleriniň birinde — ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekanynda gurulmagy hem bellärliklidir. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Akhan atly bedewiň keşbini janlandyrýan heýkeltaraşlyk kompozisiýasy şähere aýratyn bezeg berýär. Şäheriň çäginde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi ýerleşýär. Şeýle hem koreýaly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler we bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. Ahalteke bedewleriniň gözelligi hem-de çapyksuwarlaryň ussatlygy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Döwlet sirkiniň meýdançasynda meşhur Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp ýöremegi şowhun bilen garşylanyldy. Koreýaly myhmanlar görkezme çykyşlaryndan soňra, ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülen wekili bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Şol gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary üçin Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Muzeýde myhmanlar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Türkmen halysy halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, gadymdan bäri we häzirki günde-de tutuş dünýäde özüniň kämil gözelligi, ýokary hili bilen meşhurdyr. Haly dokamagyň müňýyllyklara uzap gidýän däpleri häzirki döwürde türkmen halyçy zenanlary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halysynyň özboluşly göllerinde halkymyzyň taryhy, durmuş filosofiýasy, mähriban topragymyzyň gözelligi öz beýanyny tapýar.

Koreýaly myhmanlar muzeýdäki gadymy we häzirki döwre degişli halylary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň, ussatlygynyň aýdyň nyşany bolan bu eserlere haýran galandyklaryny aýtdylar.


Bulary hem okaň