2023-nji ýylyň
18-20-nji noýabrynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament
Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap
bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki
sessiýasynyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Duşuşygyň çäklerinde
çykyş etmek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy we howpsuzlygy
üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan
etdi.
Türkmenistanyň
wekiliýeti bu teklipleriň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agza-döwletleri tarapyndan
goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk
derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belledi.
mfa.gov