2025-nji ýylyň 24-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaranyň dowamynda Watanymyzyň
Garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga aýratyn goşant goşan TSSE-niň
işgärlerine Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Sylaglananlaryň
hatarynda köp ýyllaryň dowamynda yhlasly we jogapkärçilikli zähmet çeken hünärmenler
öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimize halkymyzyň
bagtyýarlygy, döwletimiziň gülläp ösmegi, jemgyýetimiziň agzybirligi we
bütewiligi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Şeýle dabaralar
ýurdumyzyň ösüş ýolunda zähmet çekýän her bir raýaty täze üstünliklere
ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.