13.12.2025
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi geçirildi. Sergi iki gün
dowam etdi.
Serginiň
çäginde milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, senagat
we hususy pudagyň mümkinçilikleri, innowasion taslamalar hem-de eksport ugurly
önümler giňden tanyşdyryldy. Şeýle-de serginiň dowamynda birnäçe möhüm işewür duşuşyklar
we gepleşikler geçirildi.
Çärä döwlet
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň wekilleri, şeýle hem
diplomatik wekilhanalaryň agzalary gatnaşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek, täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.
Mazmunly
we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu sergi Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleriň
möhüm bölegi boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.