13.02.2026
2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Ýewropa sebitiniň ýurtlary
bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Italiýanyň “IDOGI”
kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentiniň hem-de italýan arhitektory
Serjio Ferrandiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň
dowamynda söwda-ykdysady ganaşyklary giňeltmek, maýa goýum işjeňligini
artdyrmak hem-de gurluşyk-binagärlik ulgamynda häzirki zaman çözgütlerini
ornaşdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar innowasion tehnologiýalara, şähergurluşyk taslamalaryna hem-de
durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki başlangyçlary durmuşa
geçirmek mümkinçiligini aýratyn bellediler.
Türkmen
tarapy ýurdumyzda telekeçiligi goldamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly
maýa goýum gurşawyny döretmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler
barada giňişleýin maglumat berdi. Myhmanlar bolsa Türkmenistanyň ykdysady
kuwwatyna ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin
esasda ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Gepleşikler
işewürlik gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga gönükdirilen netijeli pikir
alyşmalar bilen tapawutlandy we Ýewropa ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde
möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.