2025-nji ýylyň 25-nji maýynda “Ak
şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi öz işini üstünlikli
tamamlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen bu halkara sergi
şähergurluşyk, binagärlik, ýol-ulag düzümi, ekologiýa, ýaşaýyş-durmuş
hyzmatlary ýaly dürli ugurlary öz içine alyp, giň möçberli innowasion çözgütleriň
we taslamalaryň tanyşdyrylmagyna mümkinçilik berdi.
Sergä
ýurdumyzdaky döwlet edaralary, senagat we gurluşyk kompaniýalary, hususy
pudagyň wekilleri bilen bir hatarda daşary ýurtlardan gatnaşan kompaniýalar hem
ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler. Şeýle
hem serginiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli sebitleriniň şäher gurluşygynda
gazanan üstünlikleri we milli binagärlik aýratynlyklary giňden wagyz edildi.
Çärä
gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar we diplomatlar Aşgabadyň häzirki zaman ösüşi,
şäher meýilnamalaşdyrylyşy, ýaşamak üçin döredilen amatly şertler bilen
ýakyndan tanyşdylar. Şeýle-de
gatnaşyjylaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine
gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi.
Serginiň
ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy. Dabaraly pursatyň yzysüre sergä gatnaşyjylar tarapyndan çuňňur hormatyň
hem hoşallygyň nyşany hökmünde Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul
edildi. Bu sergi paýtagtymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň we
ösüş ýolunda gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.