14.04.2026
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen “Turkmentravel
– 2026” halkara maslahaty ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwatyny dünýä tanyşdyrmakda
möhüm ädim boldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen bilermenleri we halkara
guramalaryň wekillerini bir ýere jemlän bu forum, Türkmenistanyň sebitde iri
syýahatçylyk merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Maslahatyň
dowamynda halkara derejeli wekilleriň çykyşlaryna uly orun berildi. BMG-niň
Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Ýewropa sebiti departamentiniň direktory
Kordula Wohlmuther we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk
ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan ýaly myhmanlar Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny beýan etdiler.
Gyrgyzystan,
Azerbaýjan, Uganda we Wýetnam ýaly ýurtlaryň wekilleri özara tejribe alyşmak we
syýahatçylyk akymlaryny artdyrmak boýunça möhüm teklipleri öňe sürdiler.
Forumyň
iň gyzykly bölümleriniň biri syýahatçylyk pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak
we maýa goýumlaryny çekmek meselesine bagyşlandy. “Neksta” we “Taryhy Syýahat”
ýaly kärhanalaryň mysalynda syýahatçylyk hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylyşy; “Lavka”,
“Tör” ýaly gastronomik taslamalaryň we “ProSinergiýa consulting” kärhanasynyň
strategiýalary; CAREC maksatnamasynyň çäginde howa gatnawlarynyň
elýeterliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň
taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak baradaky milli müdirliginiň hem-de
Medeniýet institutynyň hünärmenleri ýurdumyzyň maddy däl mirasynyň dünýä
syýahatçylary üçin esasy özüne çekiji güýçdigini nygtadylar.
“Turkmentravel
– 2026” halkara maslahaty Türkmenistanyň öz gadymy mirasy bilen döwrebap
dünýäniň arasynda berk köpri gurýandygyny görkezdi. Dünýäniň dürli
künjeklerinden gelen bilermenleriň teklipleri we döwrebap innowasiýalar
ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň täze reňkler bilen baýlaşmagyna hyzmat eder.
Indi dünýä syýahatçylary üçin Türkmenistan diňe bir Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
däl, eýsem iň häzirki zaman hyzmatlarynyň we myhmansöýerligiň täze
duralgasydyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.