Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Turkmentravel – 2026”: sergiden täsirler we täze mümkinçilikler

15.04.2026
49

       Aşgabat şu günler dünýäniň halkara syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylary bir ýere jemläp, täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar.

         Dabaraly ýagdaýda açylan bu iri çäre diňe bir sergi hökmünde däl, eýsem syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýän möhüm meýdança hökmünde çykyş edýär. Serginiň ilkinji günlerinden başlap, onuň işjeňligi we giň gerimi aýratyn üns çekýär.

         Bu ýerde ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kompaniýalarynyň, myhmanhana ulgamynyň wekilleriniň, maýa goýujylaryň we hünärmenleriň gatnaşmagy giň gerimli tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär. Gatnaşyjylar öz hyzmatlaryny we täze taslamalaryny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

         Sergi meýdançasynda görkezilýän dürli ugurlar – medeni syýahatçylykdan başlap, ekologiýa we işewürlik syýahatçylygyna çenli – bu pudagyň köpugurly ösüşini aýdyň görkezýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň tanyşdyrylmagy bolsa häzirki zaman syýahatçylyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýär.

         “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty diňe bir häzirki gazanylan netijeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem geljekki ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň