Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahatyna taýýarlyk işleri dowam edýär

08.04.2026
27

       2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu iri halkara çäre ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň ösüşini hem-de onuň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

     “Turkmentravel – 2026” atly halkara çäresine dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk kompaniýalarynyň, myhmanhana ulgamlarynyň wekilleri, maýa goýujylar we pudak hünärmenleri gatnaşar. Bu bolsa halkara tejribe alyşmaga, täze hyzmatlary tanyşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik döredýär.

           Çäräniň maksatnamasynda sergi ekspozisiýasy bilen birlikde mowzuklaýyn mejlisler, tanyşdyrylyş çykyşlar hem-de B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Bu duşuşyklar täze taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelär.

       “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty Türkmenistanyň baý syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň