Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy

14.04.2026
38

         2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu halkara çäre ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine täze itergi bermek bilen bir hatarda, onuň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

         Açylyş dabarasynyň dowamynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy. Onda syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýeti aýratyn bellenildi.

         Sergä ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kompaniýalarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, täze taslamalar bilen tanyşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik döredýär.

         Maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklarynyň, okuw we ylmy-amaly maslahatlaryň, şeýle hem syýahatçylyk gezelençleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler pudakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat eder.

       “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 2026-njy ýylyň 16-njy apreline çenli dowam eder we syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýelär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň