07.05.2026
2026-njy 14-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki “KazanExpo” halkara sergi merkezinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII Halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu iri halkara çäre Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýän abraýly meýdança hökmünde giňden ykrar edilýär.
“Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII
halkara ykdysady forumynyň çäklerinde söwda, maýa goýum, energetika,
ulag-logistika, sanly tehnologiýalar, saglyk, gurluşyk, dokma, medeniýet we
syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça maslahatlar hem-de iş duşuşyklary geçiriler.
Bu bolsa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine
giň ýol açýar.
Şeýle
hem forumyň çäklerinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo”
atly sergide Türkmenistanyň Milli pawilýony görkeziler. Milli pawilýony ýokary
derejesinde taýýarlamak we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak boýunça
jogapkärçilik Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň
bu foruma gatnaşmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, eksport
mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertlerini
halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem bu
çäre täze hyzmatdaşlyga, söwda dolanyşygynyň artmagyna hem-de özara bähbitli
gatnaşyklaryň giňelmegine uly itergi berer.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.