31.10.2025
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda forumyň
çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň
Ykdysadyýet günleri üstünlikli dowam etdirildi.
Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hususy pudagyň
wekilleriniň gatnaşmagynda Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentliginde “tegelek stol”
görnüşinde gurnaldy. Duşuşykda dürli taslamalary amala aşyrmakda bilelikde iş
alyp barmagyň möhüm ugurlaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiziň: “Maýa goýumlar
ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek üçin esasy gural hökmünde hem çykyş edýär”
diýip belleýşi ýaly, bu duşuşykda hem
maýa goýum mümkinçiliklerine uly ähmiýet berildi.
Şeýle-de “tegelek stoluň” başyndaky
söhbetdeşligiň barşynda taraplar degişli
maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik
duşuşyklaryny we forumlaryny geçirmegiň, özara saparlary guramagyň
maksadalaýykdygyny bellediler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.