Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda geçirilen Hazar ykdysady forumy Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň binýadyny goýan taryhy ähmiýetli waka bolup, häzirki wagtda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldi we täze derejä çykdy.
2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Eýranyň paýtagty Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem bu forumyň çäklerinde geçirilen maslahatlara we gepleşiklere işjeň gatnaşdylar. Forumda Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ulag-logistika, energetika we sanly ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Üçünji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriniň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.