30.07.2026
2026-njy ýylyň 25-29-njy iýuly
aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
wekilleri Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda boldular. Saparyň maksady 2026-njy
ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň
arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän
taýýarlyk işleri bilen tanyşmak hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň degişli
döwlet edaralarynyň we guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny
geçirmekden ybarat boldy.
Duşuşyklaryň
dowamynda dünýä çempionatynyň guramaçylyk meseleleri, sergi-ýarmarkanyň
taýýarlygy, milli pawilýonlaryň ýerleşdirilişi, logistika, myhmanlary kabul
etmek hem-de halkara gatnaşyjylar üçin dörediljek şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle
hem dünýä çempionatynyň çäklerinde guraljak Türkmenistanyň milli
sergi-ýarmarkasynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan
kärhanalaryň önümleriniň we milli gymmatlyklarynyň görkezilmegi
meýilleşdirilýär.
Iş
saparynyň netijeleri boýunça taraplar dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegini üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.