2025-nji ýylyň 23-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Hytaý
Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
jenap Szi Şumin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň
häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş ugurlary barada giňişleýin pikir
alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda eksport-import
gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, haryt dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagy hem-de täze
maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Jenap
Szi Şumin Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda uzakmöhletleýin we özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap, Hytaý kompaniýalarynyň türkmen
bazarynda has işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklary
giňeltmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, döwlet derejesindäki goldawlaryň
netijesinde täze taslamalaryň durmuşa geçiriljegine ynam bildirdi.
Duşuşyk
dostlukly hem-de işjeň ýagdaýda geçdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.