Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda behişdi bedewlerimize bagyşlanan duşuşyk gurnaldy

01.08.2026
37

 

    2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzda giň gerimli taýýarlyk görülmegi bilen bagly,  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işgärleri bilen  şany dünýä dolan bedew atlarymyza bagyşlanan duşuşyk gurnaldy.

    Duşuşykda     Türkmenistanyň «Behişdi Ahalteke atlary» we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnallarynyň baş redaktory, tanymal žurnalist we atşynas   Narly Nuryýew çykyş etdi.

    Duşuşykda türkmen halkynyň milli buýsanjy we taryhy medeni mirasy bolan ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek barada Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallaryna aýratyn üns çekildi.

    Žurnalist  öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri hem-de türkmen alabaýlary baradaky pelsepewi kitaplaryndan paýhasly jümlelere ýüzlenip, ahalteke atlarynyň tebigy çydamlylygy, özboluşly reňk öwüşginleri, dünýä taryhyndaky orny we olary seýislemegiň inçe syrlary barada   täsirli maglumatlary paýlaşdy.

     Söwda-senagat edarasynyň guraýan halkara  sergilerinde ýurduň milli gymmatlyklaryny şöhlelendirýän neşir önümlerini daşary ýurtly myhmanlara tanyşdyrmagyň ähmiýeti barada pikir alyşyldy.

    Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen medeniýetini, şöhratly bedewlerimizi we milli mirasymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň