Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ABŞ-da sergi gurnady

07.11.2025
61

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi.

Işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar  türkmen önümleriniň sergisine  tomaşa etdiler. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri sergini synlanlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle-de azyk önümleri, Watanymyzyň ak pamygyndan  öndürilen dokma önümleri ýokary hili bilen täsir galdyrdy.  Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iňlis diline terjime edilen eserleri  sergini many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hem yzygiderli ösdürilýär. Daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, ykdysady özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy we senagat pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, kiçi işewürligiň we hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy ABŞ-nyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyşynda döwletimiziň hemmetaraplaýyn berýän goldawy netijesinde ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, amerikan kompaniýalary üçin türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynda açylýan ägirt uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.

Maslahata gatnaşyjylar onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we meýilleşdirilen işleriň iki dostlukly ýurduň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

                                                           Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                       Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň