17.03.2026
2026-njy ýylyň 17-nji martynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy toý şowhunyna beslendi. Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanda 18 ýyl bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu toýuň eýesi bolup, bu ýerde gurnalan sergi
türkmen telekeçileriniň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Dabaraly çäre Hormatly Prezidentimiziň
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18
ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä
hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma
gatnaşyjylara Gutlag haty bilen açyldy. Gutlagda bellenilşi ýaly, “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda
hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly öňe barýarlar. Işewürlik
gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek
boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy
yzygiderli ýokarlanýar.
Bu çärede Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň sergi zaly
halkymyzyň bol-elin ak bazarlary ýaly
gözüňi hem göwnuňi dokundyrýar. Bu biziň ýurdumyzyň azyk we haryt
bolçulygynyň nyşany bolup, döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän uly mümkinçilikleriň netijesidir.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.