28.02.2026
2026-njy ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de “Türkmenistanyň
geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady
özgertmeleriň netijesinde hususy pudagyň kuwwaty yzygiderli artýar. Milli
ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, hususy pudagy hemmetaraplaýyn
goldamak we telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň senagat we
telekeçilik ulgamy täze ösüş tapgyryna gadam basyp, milli öndürijileriň kuwwaty
barha artýar.
Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde türkmen telekeçileriniň we
senagatçylarynyň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri, häzirki zaman
tehnologiýalaryna esaslanýan taslamalary hem-de eksport mümkinçilikleri giňden
görkeziler. Sergi ýerli öndürijileriň gazanan üstünliklerini açyp görkezmek bilen
bir hatarda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolar.
Sergi bilen utgaşykly
geçiriljek halkara forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge,
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de özara bähbitli
işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdiriler. Forumyň dowamynda
ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler geçiriler. Bu çäreler
Türkmenistanyň telekeçilik we senagat ulgamynyň
halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmäge, ykdysady kuwwatynyň
artmagyna hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine möhüm
itergi berer.