Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi we “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly forumy: Ýeňişlere we täze mümkinçiliklere ýol açylýar

06.02.2025
Card image cap

    2025-nji ýylyň 17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli uly sergi we forumy geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler ýurduň hususy pudagynyň ösüşini, maýa goýumlaryny çekmek we telekeçilik ulgamyny pugtalandyrmak maksady bilen guralýar.

       Serginiň dowamynda türkmen işewürleri, senagatçylar we kompaniýalar öz işleriniň üstünliklerini we täze taslamalaryny görkezmek bilen bir hatarda daşary ýurtly maýa goýujylara we işewür toparlaryna hususy pudakda işlemek üçin mümkinçiliklerini tanyşdyrar.

      Sergi bilen bilelikde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we senagat ulgamyny has netijeli ýagdaýda döwrebaplaşdyrmak üçin möhüm çäreler bolup durar. Bu çäreler Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrar, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze ösüşler üçin mümkinçilikleri açar.

     Forumyň netijeleri Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň we senagat pudaklarynyň täze ösüş ýoluna gadam basmagyna, şeýle hem dünýä derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň artmagyna itergi berer. 

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň