Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde we telekeçilik işlerini goldamakda
möhüm orny eýeleýär. Halkara gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny
çekmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bu edaranyň strategiki
ugurlarynyň biridir. Täze mümkinçilikleriň döredilmegi halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmekde we türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmakda möhüm ädim bolup
durýar.
Halkara sergiler, ulag-aragatnaşyk taslamalary, eksporty
ösdürmek boýunça strategiýalar we sanly ykdysadyýete geçmek işleri ýurduň
ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurlar bilen bagly
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga
hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.