20.11.2025
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň
Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen göçme sergisi öz işine başlady.
Sergi Balkan welaýatynyň Balkanabat
şäheriniň köpugurly söwda bazarynda gurnaldy. Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi we
Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, onuň işine uly
üstünlikleri arzuw etdiler. Dabara aýdym-sazly çäre bilen utgaşdy.
Serginiň
maksady Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerini
görkezmek we iki goňşy döwletiň arasynda
syýasy-ykdysady gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
Çäräniň
guramaçysy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Balkan welaýat häkimligi
bolup çykyş edýär.
Sergä
Gülüstan welaýatynyň öňdebaryjy önümçilik işewürleri gatnaşýar. Bu sergi Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan
welaýatynyň eksport mümkinçiliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup,
goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan edýär.
Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda
eksport mümkinçilikleriniň gözden
geçirilişine gelýän köp sanly adamlar onuň bilen giňişleýin tanyşmaga, özara
bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlaryny
kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy