Türkmenistanyň Prezidenti
Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Birleşen
Milletler guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça
üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda geçiriler.
Maslahat “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Hazar deňziniň kenarynda
ýerleşýän döwrebap forum merkezinde öz işine başlar.
Bu
halkara çäresi Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň
giňelýändiginiň, onuň halkara meselelerine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky
subutnamasydyr. Şeýle hem bu maslahat, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň
ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, özara hyzmatdaşlygyň täze
ugurlarynyň açylmagyna getirer.
Türkmenistanyň
şeýle derejedäki çärelere ýer bermegi, onuň dünýä syýasatyndaky oňyn ornunyň
hem-de parahatçylyk dörediji tagallalarynyň ykrar edilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.