Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan we «Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy» hökümete degişli däl halkara bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

11.03.2025
Card image cap

2025-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen «Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy»  hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekilleriniň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we  özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Bu duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewraziýa we Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy. Taraplar Türkmenistan bilen bu bileleşige girýän ýurtlaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýum mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirildi. Türkmenistan bilen «Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy» hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady we işewür gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçiliklere giň ýol açar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň