Türkmenistan
bilen Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we
täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 4-6-njy
fewraly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat wekiliýet Malaýziýanyň
paýtagty Kuala-Lumpur şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Bu saparyň esasy
maksady – iki ýurduň telekeçilik we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek we ikitaraplaýyn söwda
dolanşygynyň möçberini artdyrmakdan ybaratdyr.
Malaýziýanyň
Halkara Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň
Malaýziýanyň Halkara Söwda-senagat edarasynyň we Malaýziýanyň Halal Ösüş Korporasiýasynyň
wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, syýahatçylygy ösdürmek
bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherinde
geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna” taýýarlyk işleri hem ara alnyp
maslahatlaşyldy we halkara forumyň ýokary derejede guralmagy üçin möhüm ädimler
ädildi.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň dowamynda, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açyp, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berer.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.