Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan we Italiýanyň arasynda işewürlik hyzmatdaşlygy: “Modenese Gastone Interiors Srl” kompaniýasynyň dizaýneri bilen geçirilen duşuşyk

14.02.2025
Card image cap

       Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, innowasion taslamalary durmuşa geçirmek hem-de işewür gatnaşyklary ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alyp barýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy möhüm merkeziň biri bolup, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gurýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Italiýanyň “Modenese Gastone Interiors Srl” kompaniýasynyň meşhur dizaýneri Leandro Skalkony bilen duşuşyk geçirildi.

        Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarsynda geçiriljek halkara sergiler hem-de haly, tekstil we mebel dizaýnerçiligi ulgamlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Italiýanyň “Modenese Gastone Interiors Srl” kompaniýasynyň wekiliýeti sergilere gatnaşmak islegini bildirip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşjakdygyny mälim etdi.

       Bu duşuşyk Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, iki ýurduň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä göterilmegine hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrynyň başlanmagyna mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň