2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan
meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni” mynasybetli ýörite
brifing geçirildi.
Çäräniň
esasy maksady, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetini
ösdürmekde ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri we olaryň çözgütlerini dünýä
jemgyýetçiligine ýetirmekdir. Awazada geçirilen bu brifingde, bu ýurtlaryň beýleki
döwletler bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk meseleleri, ulag, logistika,
tehnologiýa we bilim ulgamlarynda täze mümkinçilikleriniň açylmagy barada
giňişleýin gürrüň edilip, bu ugurlarda birnäçe çözgüt teklip edildi.
Brifingde
nygtalşy ýaly, geografiýa hiç haçan päsgelçilik döretmeli däldir. Türkmenistan,
öz geografik ýerleşişi we möhüm ulag ýolunyň üstünde bolmagy bilen, durnukly
ösüşiň binýady hökmünde üstaşyr hyzmatdaşlyk we multimodal ulag arabaglanyşygy
boýunça yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Bu ýagdaý, ýurduň howpsuz we
netijeli ulag ulgamynyň döredilmegine uly ýardam edýär.
Häzirki
wagtda bu çäräniň netijeleri, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşini üpjün
etmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini giňeltdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.